Möwlana Jelaletdin Rumy: “ “Ýol” diýeniň ötülmedik ýerden ýol çekmekdir, geçilen ýoldan ýol çekmek hupbatly bir iş däldir” diýip, öz paýhasly sözlerinde belleýär. “Ýol çekmek, köpri gurmak” ata- baba türkmen halkynyň iň mukaddes görýän pişesidir.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň çäklerinde çekmäge mümkinçilik döredýän gara ýollary, deňiz we howa ýollary bu günki gün hakykatyň sogabyna ýazylandygyny her kim gördi.
Biziň ýurdumyzda gara ýollardan, howa, deňiz ýollaryndan başga- da geçilmedik menzillere ýol çekmek, ýagny köňül ýollaryny çekmek Hormatly Arkadagymyzyň dostana ýollara tarap alyp barýan syýasatynyň netijesidir.
Ýaňy ýakynda Aşgabat-Türkmenabat awtoban ýokary tizlikli ýoluň birinji tapgyry, ýagny Aşgabat-Tejen aralyk ýoly gurlup ulanylmaga berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.
Gurbanow Ybraýym
TDBGI-niň Ýol gurluşyk fakultetiniň uly mugallymy
Teswirler