“Kimiýa” atly ylym

Dünýäniň tebigy gurluşynda elbetde himiýanyň orny uly.Himiýa tehnologiýasy ýüzýyllyklary özüne boýun egdirip, hemişe bolşy ýaly, iň zerur hem- de ýaşaýyş şertlerini düzýän düzümdir.

Parfýumeriýa we beýleki serişdeleriň adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi bu günki gün himiýa tehnologiýasynyň gazananlarynyň netijesidir. Zenanlarymyzyň söýgüli serişdesi bolan atyrlar hem hut himiýa senagatynyň gazananlarynyň müňýyllyklardan gelýän täsin syrlaryny özünde jemleýär.

Häzirki döwürde bolsa türkmen telekeçileriniň çykarýan kür ýuwujy serişdelerine göz aýlanyňda hem himiýa senagatynyň biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Myrat TÄÇMYRADOW,
TDBGI-niň Himiýa tehnologiýa  fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok