Türkmen ýaşlarynyň “emeli aň” tehnologiýalaryna gyzyklanmasy artýar

Häzirki döwürde ylym dünýäsiniň çaltlygy adam aňynyň ony yzarlap ýetişmeginiň mümkin däldigini subut etdi.

Emeli aňyň serhetsiz mümkinçilikleriniň esasynda adamlaryň aýakýetmesiz ýerlerine hem-de howanyň iň sowuk hem-de iň gyzgyn derejeli ýerlerine emeli aňa eýe bolan robotlary goýbermek işleri eýýäm täze zat däl ýaly bolup görünýär. Çünki täzeligi yzarlamak üçin ynsanyň beýnide pikir tizliginiň täze “gapylary” açylýandygy düşnükli zat.

Çaltlygy yzarlamagyň düzgünlerini saklamak üçin esasy täze döredilýän robotlaryň görnüşleri, olaryň ýerine ýetirip bilýän hereketlerine goşmaça pikiri girizip boljakdygy hakynda pikir bilen garamak oňa bolan garaýşyň ösmeginiň önjeýli boljakdygyny subut edýär.

Döwrümiziň türkmen ýaşlarynyň, şeýle ukyplara eýe bolup, döwrebap milli häsiýetli robotlaryň önümçiligi hakynda tiz we az wagtyň barygyny hemişe pikirlerinde saklamak we olary durmuşa geçirip, döwrebap tehnologiýanyň gazananlaryna goşant goşmak biziň ýaşlarymyzyň pikir sagdynlygyny ýüze çykarýar.

Gurbansähet Gurbansähedow
TDBGI-niň Komputer tehnologiýasy we Awtomatika
fakultetiniň dekany

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok