Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary «Gaz» kükürdinden polimerbetonalmagyň täze usulyny işläp taýýarlady

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary tebigy we gidromineral çig mal himiýasy hem-de tehnologiýasy laboratoriýasynda «gaz» kükürdinden we bu maddanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmeginiň galyndysyndan ýeňil kükürt betonyny we polimerbeton almagyň usulyny işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi döwlet gullugy himiýaçy alymlaryň täze işine oýlap tapyşa çäkli patent berdi. Himiýa institutynyň alymlary tebigy gaz arassalananda ummasyz möçberde galýan kükürdi ulanmak arkaly täze materiallary almak mümkinçilgini öwrenýärler. Bu mesele, birinjiden, kükürt köpelmegi bilen bagly ekologiýa meselesini çözýär, ikinjiden – täze ýol-gurluşyk materiallary alynýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň iri gorlarynyň birnäçesi açyldy we işe girizildi, olarda nebit önümleriniň hem-de harytlyk gazyň senagat taýdan önümçiliginde kükürdiň 5-den 7 göterimi bolýar. Ýurdumyzyň Gyýanly we Owadandepe ýaly sebitlerinde işe girizilen kuwwatly gazhimiýa toplumlarynda hem tebigy gaz kükürt garyndylaryndan arassalanylýar. Häzir dünýäde bu çig mala dünýäniň köp döwletlerinde isleg juda ýokary bolup durýar.

TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlarynyň pikirine görä, ýurdumyzda kükürdi peýdalanmagyň, aýratyn-da mineral çig maly esasy ulanyjylar bolan Türkmenistanyň ýol-gurluşyk hojalyklarynda geljegi uludyr.

Belläp geçsek, TYA-nyň Himiýa instituty indi sekiz ýyl bäri ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolan «Türkmenhimiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Senagat we gurluşyk materiallary ministrligi, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bilen hojalyk-şertnamasy şertlerinde ylmy barlaglary alyp barýar.

Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty çäkli patentleriň 7-sini aldy.

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok