Uçarlarda sanly žurnallar dörediler

Dünýä awiokompaniýalary uçarlarda adaty kagyz žurnallary kem-kemden aýryp başlady. Uçuşyň dowam edýän wagtynda, köplenç neşirleri çalyşmak uçarbeletler üçin azda-kände kynçylyk döredýändigi sebäpli, oturgyçlaryň arka tarapynda ekran berkitmek ýa-da ýolagçylara planşet bermek ýaly elektron çeşmelerine geçilip ugraldy.

«Airbus» kompaniýasy öz ýolagçylaryna täze güýmenjeli enjamy – çeýe OLED ekranly elektron žurnaly hödürledi. Onuň adaty planşete meňzeýändigine garamazdan, žurnal ýaly bükülýär. Enjam iki sahypadan – nusgawy kagyz sahypadan (howpsuzlyk görkezmeleri ýerleşýän) hem-de sensor ekrandan ybaratdyr. Ekranda sanly gazetleri okamak, filmlere we teleýaýlymlara tomaşa etmek, aýdym diňlemek hem-de iýmit sargyt etmek ýaly birnäçe mümkinçikler elýeterli edilipdir.

Çeýe ekranly ilkinji smartfony döreden «Roýele» kompaniýasy bu enjamy işläp düzmäge hem gatnaşdy. «Airbusyň» wekilleri täze önümi ýakyn wagtda uçarda synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler.

.

Öwez ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok