Türkmenistanda 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişi tamamlandy

Türkmenistanly ekerançylar güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň ekerançylary bu möwsümde bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten — 3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten — 1”, “Miras” görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.

Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanyldy.

Oba hojalyk ekinleriniň kesellere we zyýan berijilere durnukly, ýerli toprak-howa şertleriniň uýgunlaşdyrylan ýokary hilli görnüşleriniň peýdalanylmagy ýokary hasylyň alynmagyny üpjün edýär. Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar.

Süleýman Allabergenow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok