KÄMILLIGE BARÝAN ÝOL

Ene-atalar ýygnagynda okuwçylaryň hossarlary ýöriteleşdirilen mekdepdäki geçilýän dersleriň agyrlygyndan arz edip, olary has ýeňilleşdirmegi we okuw döwrüni has gysgaltmagy talap etdiler:

“Mekdepdäki sapaklar gaty kyn. Bulary aňsatlaşdyryp bolmazmyka?”

“Bizin çagalarymyz hem beýleki deň-duşlary ýaly tizara okuwlaryny tamamlap, özbaşdak durmuş ýoluna gadam basmak isleýärler. Okuw ýyly has gysgaldylsa gowy bolardy.”

Tejribeli mekdep müdiri çagany kämil şahsyýet edip terbiýeläp ýetişdirmegiň ýeňil-ýelpaý iş däldigini, munuň üçin kän wagt we irginsiz zähmetiň gerekdigini ýatladyp, şeýle diýdi:

– Hormatly ene-atalar! Bu, elbetde, mümkin! Emma ilki çagaňyzyň kim bolmagyny arzuw edýändigiňizi bilmek isleýärin. Bilşiňiz ýaly, bir çynar agajy ýüz ýylda ýetişýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, 3 aý ýeterlikdir.

Mekdepler ynsanyň içinde ýaşaýan jemgyýetine we tutuş adamzada peýdaly boljak ylym-bilim öwrenýän, başarnygy ele alýan ýeridir.

Bir döwletiň kuwwatlylygy ol ýurtdaky raýatlaryň ylym derejesi bilen kesgitlenýär. Bu dereja eýe bolmak uly güýç we gaýrat talap edýär. Bu ýoluň aňsat däldigi, käbir kynçylyklarynyň bardygy mälimdir. Emma ýatdan çykarmalyň, kynçylyklar ynsany taplaýandyr, onuň çydamlylygyny we erkliligini ölçeýändir. Düzlükde ýöremek ýa-da daglaryň çürbaşyna çykmak üçin sarp edilen güýç, elbetde, deň däldir.

Orazmuhammet KULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok