Aşgabatda täze awtobus ugurlary açyldy

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Aşgabatda: 85, 86, 87, we 88 belgili täze awtobus ugurlary işe girizildi. Bu barada Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýty habar berýär.

85-nji “Büzmeýin – Güneş” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar, Senagat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Olimpiýa köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe bilen hereket edip, Ýaşaýyş jaý toplumyndan yzyna aýlanyp Ahal köçe – Diýar köçe – Güneş köçe – Abadançylyk köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Senagat köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.

86-njy “Büzmeýin – Köpugurly hassahana” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar, Senagat köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – J.Hansähedow köçe – M.Garryýew köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Olimpiýa köçe – Ýaşlyk köçe – Azatlyk köçe – Korneýew köçe – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – Günbatar köçe – Ahal köçe bilen hereket edip, Ýetginjekler mekdep internadyndan yzyna aýlanyp Ahal köçe – Gündogar  köçe – Korneýew köçe – Azatlyk köçe – Ýaşlyk köçe  – Olimpiýa köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – M.Garryýew köçe – J.Hansähedow köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – Senagat köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.

87-nji “Büzmeýin – Garadaşaýak” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar Senagat köçe – Kolhozçy köçe – Kemine köçe – J.Hansähedow köçe – Seýdi köçe – Alp Arslan köçe – Altyn Asyr köçe – Aşgabat köçe bilen hereket edip, yzyna Garadaşaýak  köçe – Magtymguly köçe – A.Batyrow köçe – Seýdi köçe – J.Hansähedow – Kemine köçe – Kolhozçy köçe – Senagat köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.

88-nji “Büzmeýin – Garadaşaýak” ugur boýunça awtobus “Büzmeýin” belleniş nokadyndan ugraýar Senagat köçe – G.Orazow köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – M.Garryýew köçe – J.Hansähedow köçe – Magtymguly köçe – Büzmeýin köçe – Geňeş köçe – Kesearkaç köçe bilen hereket edip, yzyna J.Hansähedow köçe – M.Garryýew köçe – Ýeňiş seýilgähi köçe – G.Orazow köçe – Senagat köçe bilen hereket edip, “Büzmeýin” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok