Ahal welaýatynda bugdaý ekişi tamamlandy

Ahal welaýatynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde tamamladylar. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, welaýatda 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Daýhanlaryň zähmeti üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere ýetilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýan berijilere garşy göreş serişdeleri öz wagtynda taýýarlanyldy.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň daýhanlarynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesi durýar, şonuň 400 müň tonnasy Ahal welaýatynda öndüriler. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldawyndan ruhlanýan sebitiň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok