«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi

27-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu abraýly maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýär. Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz bu strategik ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ählumumy abadançylygy, rowaçlygy we gülläp ösüşi kesgitleýän ýagdaýlaryň biri hökmünde garaýar. Türkmenistan öz ägirt uly serişde kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalşyp, dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň biri hökmünde ählumumy energetika ulgamynyň täze gurluşyny kemala getirmäge yzygiderli goşant goşýar, ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görýär.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm işleriň hatarynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bar. Bu resminama BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Sanly ulgam arkaly çykyş eden Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan döwründen bäri ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi bilen ýokary netijeleri gazandy, şunda nebitgaz senagaty, halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhüm orny eýeledi. OPEC-niň ýolbaşçysy Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň birnäçe ugurlar, hususan-da, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň ekologik ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda halkara hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durlup geçildi. Bilelikdäki möhüm taslamalaryň soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň miwesidigi nygtaldy.

Soňra maslahatyň işi dürli ugurlar boýunça dowam etdi. Şolaryň ilkinjisi “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn” baradaky meselä bagyşlanyp, nebitgaz senagatynda geologik gözlegler, TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň tejribesi we geljegi, onuň geologiýa nusgasynyň soňky täzelenişi, şeýle hem pes uglerodly energiýa bolan elýeterliligiň möhümligi, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi ýaly ýurdumyz üçin wajyp meseleleri özünde jemledi.

Çykyşlarda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanylmaga tabşyrylmagy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek, eksport ugurly gaz geçirijileriň çig mal binýadyny pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädim boldy. Şol känden Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi gözbaş alýar. Şu ulgam boýunça eýýäm 12 ýyla golaý wagt bäri türkmen tebigy gazy HHR-e eksport edilýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halkara işlere başlangyçlar bilen gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny adamzadyň bähbidine ulanmagy teklip edip, Durnukly  ösüş maksatlary hem-de olara ýetmegiň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan edýändigi nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu gün “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe A/S” kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama gol çekildi.

Iki günlük maslahatyň çäklerinde dünýäniň dürli nebitgaz kompaniýalary tanyşdyryş maglumatlary bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalaryny paýlaşarlar.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we onuň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň wekilleriniň arasynda bu pudakda gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary geçirmek bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok