Ekologiýanyň abadançylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem şu ýyl Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn usullaryny döretmek hakynda teklipler bar.

Şeýle başlangyçlary öňe sürmek bilen ýurdumyzyň olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek. Halkara kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki kanunlar kabul edildi. “Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnama” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň, sebitiň, bütin Ýer şarynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge degişli çäreleriň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze döwrebap obanyň düýbüni tutup bermegi bilen, bu ýerde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ajaýyp kölüň töwerekleriniň ekologiýa talaplaryna laýyk özleşdirilmegi Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ol zerarly ýerleriň şorlaşmagynyň mukdaryny azaltmaga saldamly goşant bolar.

Watanymyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagy ekologik abadançylygyny goramaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik standartlaryna we talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksadynda çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy babatda hökmany tertipde degişli seljermeden geçýärler.

Şeýle hem her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň uludan-kiçi hemmesi belent ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine, bütindünýä ekologiýa abadançylygyna uly goşantdyr.

Il-ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli şeýle beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Döwran ÝAKUPBERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok