26-njy oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutany paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzyň akyldar şahyra beýik söýgüsiniň nyşany bolan ajaýyp toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu ýerde döredilýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, bag nahallaryny oturtmak boýunça kesgitlenen ýer bölekleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany görkezilen taslamalar hem-de çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine kybap gelmegi zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Ç.Purçekow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh
toplumynyň baş meýilnamasy, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar, topluma gelýän ýoluň, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň taslamalary we çyzgylary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşigi yglan etmek barada anyk tabşyryklary berip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen akyldar şahyryň hormatyna dikeldilýän toplumyň gurluşygynda hem-de onuň abadanlaşdyrylyşynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil usullarynyň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny belläp, onuň çägindäki baýyrlyklarda dürli yşyklaryň kömegi arkaly beýik Pyragynyň dünýä meşhur şygyrlaryndan setirleriň beýan edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi taryhda öçmejek yz goýan, özüniň nusgalyk eserleri bilen tutuş Gündogar halklarynyň söýgüsini gazanan akyldar şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň häzirki zaman görkezijilerine kybap gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem bu ýerde tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda
geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp ulanmaga berilse, ýerine düşjekdigini belledi. Munuň üçin meýilleşdirilen ähli işler ýokary halkara görkezijilere we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýagdaýda amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we degişli ýolbaşçylara hem-de wise-premýer M.Mämmedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Teswirler