Bütindünýä mugallymlar güni

Her ýylyň 5-nji oktýabry –  Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçirilýär. Bu şanly sene BMG-niň 1994-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky Karary esasynda döredildi. Häzirki wagtda “Bütindünýä mugallymlar güni” dünýäniň 100-den gowrak döwletinde uly dabara bilen bellenilýär.

Bilim boýunça Durnukly ösüş Maksatnamasynyň 4-nji maksadynda bilim edaralarynda ýokary hilli bilimi üpjün etmek barada bellenilip geçilýär. Munuň özi hem, mugallymçylyk käriniň mertebesiniň örän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin irginsiz zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerine minnetdarlyk hökmünde  ýatlap geçmekden ybaratdyr. Şeýle şanly sene mynasybetli bütindünýäde mähriban halypalarymyzy begendirmek, mundan beýläk-de, höwesli zähmet çekmekleri üçin ýaş nesiller, ene-atalar tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Şeýle hem aýdym-sazly konsertler geçirilip, süýjüden-süýji gutlaglar aýdylýar.

Keýik ÇARYÝEWA,

 D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok