“TikTok” täze “Uzyn wideo” aýratynlygyny ulanyşa hödürledi

“TikTok”-yň şu ýylyň başynda synap gören 3 minutlyk wideo aýratynlygy, ulanylmaga berleninden bäri platformadaky syn etmeleriň sany çynlakaý artmaga başlady. Wlog görnüşindäki mazmunyň platformada ýerleşdirilmegine mümkinçilik berýän bu wideolar eýýäm günde 5 milliard adam tarapyndan tomaşa edilýär.

Uzak göwrümli wideolar “YouTube”-dan başgada Instagramda “IGTV” ady bilen bellidir.  Ilki bilen 15 sekuntlyk wideo paýlaşylýan platforma hökmünde ýüze çykan “TikTok” belli bir wagtdan soň 60 sekuntlyk wideolary goýmak aýratynlygyny hödürledi. Has uzyn mazmun görnüşlerine rugsat bermek we blogçylary kanalda has işjeňleşdirmek isleýän “TikTok” indi 3 minutlyk wideolary ýükläp bilmek mümkinçiligini hem ulanyjylaryna hödürledi.

Jemile TEKÄÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok