24-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew döwlet sapary bilen Aşgabada geldi

Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistanda iki günlük döwlet saparyna geldi. Saparyň maksatnamasynda ikiçäk we giňişleýin düzümdäki gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine seredilip geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda goňşy döwletler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça giň gerimli özara hereketleriň oňyn tejribesini topladylar. Bu gün döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen hem-de derwaýys ugurlaryň uly toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 120-si türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna hem gatnaşdy we onuň çäklerinde türkmen Lideri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. 

.

Kerim KERIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok