EMELI AŇYŇ ADAMYŇ DURMUŞYNDAKY ORNY

Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna nanotehnologiýalar döwrüniň iň soňky gazanan tehniki enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ertirki günimizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga müňkinçilikleri döredýär. Ylym-bilime has içgin girişilmegi ony ele dolylygyna almaga edilýän synanşyklary netijesinde oýlap tapyşlaryň, açyşlaryň sany bilinerli derejede köpelýär. Olardan aýratyn bellemelisi emeli aňdyr.

Aň adamlara we haýwanlara tebigy, dogabitdi berilýän bolsa, emeli aň bolsa adam eli bilen taýýarlanyp elektronikada adam işini ýeňilleşdirmek üçin ornaşdyrylýar. Emeli aň gün-günden alymlar tarapyndan üýtgedilip, kämilleşdirilip durulýar. Ulanýan kompýuterlerimizdäki «Windows», telefonlarymyzda «IOS», «Android» programma üpjünçilikleri emeli aň aýdyň mysal bolup biler.

Emeli aňyň dörediliş taryhyna ser salanymyzda Meri Şelliniň «Frankenşteýn», Karel Çapekiň «Rossumyň hemmetaraplaýyn robotlary» atly eserlerine üns bersek ýerli bolýar. Sebäbi häzirki wagtdaky giňden peýdalanýan inowasion tehnologiýalarymyz şol eserleriň esasynda döredilendir. Mehaniki ylmyň başlangyçlary filosoflar hem-de matematikler tarapyndan antik döwürden bäri öwrenilip ýörilenem bolsa, matematiki logika ylmynyň gözbaşy gönüden-göni iňlis alymy Alan Turingiň «Hasaplamak» teoriýasyndan alýar. Munuň düýp sebäbi Alan
Turing baryp, 1943-nji ýylda häzirki ulanýan kompýuterlerimiziň iň ilkinji nusgasyny işläp düzýär. Agramy 2 tonnadan gowrak bolan kompýuter diňe hasaplama degişli işleri ýerine ýetirýärdi we işi ýerine ýetirişi hem juda sadady. Kompýuter hyzmatlaryň baryny «0» bilen «1» nyşanlaryny garyşdyrylyp düzülen buýruklar arkaly ýerine ýetirýärdi.

Ýöne köp wagtdan bäri kompýuterleriň edýän işleri hernäçe çylşyrymlaşsa-da, göwrümleri kiçeldilse-de, emeli aňyň asyl işleýiş häsiýeti üýtgedilmedi. Onuň kod düzümi entägem «0» bilen «1» nyşanlary bolmagynda galýar. Emma emeli aň şeýle bir kämilleşdirildi, hatda tebigy aň bilen bäsleşerli derejä ýetirildi. Emeli aň häzirki döwürde iň bir ösdürilýän pudaklaryň birine öwrüldi. Emeli aň ulgamynda dünýäniň ösen kompaniýalarynyň agramly bölegi uly işleri alyp barýar. Olar barada gysgaça durup geçsek:

“Scaled inference” Google-yň öňki işgärleriniň topary. Bu kompaniýa
hyzmatlarda we amaly ulgamlarda emeli aňy ulanmak isleýän kompaniýalar üçin platforma hödürleýän taslama başladylar. Bu pikir, emeli aň pudagynda ägirt uly rezonans döretdi we rekord döwürde takmynan 8 million dollar maýa goýum toplady. “Amazon” bu kompaniýa ilkinji bolup söwda üçin interneti ulandy. Häzirki wagtda dürli önümleri hödürleýän dünýä belli onlaýn dükany hökmünde tanalýar. Işiň üstünlikli bolmagy, çalt bazar analitikasy we şertsiz girdeji üçin kompaniýanyň inženerleri emeli aňy işläp taýýarladylar. “Amazon” häzirki wagtda galplyklary ýok etmek, satuwlary seljermek we satuw netijelerini çaklamak üçin bu platformany ýagny emeli aňy ulanýar. “Apple” kompaniýasynyň telefonlary we beýleki enjamlary köpden bäri emeli aň bilen enjamlaşdyrylyp gelinýär, emma häzirki wagtda “Siri” iň gyzykly oýlap tapyşy hasaplanýar. Bu IOS üçin döredilen şahsy kömekçi sorag-jogap
ulgamy. Enjamyň eýesiniň sesini tanaýar we berlen soraga jogap berýär. “Google” kompaniýasynyň inženerleri täze önümiň – iň bolmanda iň ýönekeý söhbetdeşligi alyp baryp bilýän maşynyň üstünde işjeň işleýärler. Häzirki wagtda adyny, doglan ýerini we doglan wagtyny, şeýle hem iň ýönekeý maglumatlary habar berip we film subtitrlerini gaýtadan işläp bilýär. “IBM” iň uly kompaniýalaryň biri bolup emeli aňy döretmek boýunça ilkinji bolup işe başlady. Bulardan başga birnäçe kompaniýalaryň işlerini görkezip bileris.

Aýgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok