Türkmenistandan Russiýa pomidor ibermegiň mukdary iki esse artdy

Türkmenistanyň ýyladyşhanalarynda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň Russiýa Federasiýasynyň çägine eksporty ep-esli artdy. “East Fruit” hünärmenleri, 2021-nji ýylda bu gök önümleriň Russiýa importynyň umumy azalmagy fonunda türkmen pomidor üpjünçiliginiň ösüşiniň hakyky üstünlik bolandygyny bellediler. Bu baradaky habary arzuw.news habar saýty ýetirýär.

2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna 32 müň tonna pomidor eksport edildi. Şeýlelik bilen, üpjünçiligiň mukdary takmynan iki esse ýokarlandy – 92%. Türkmenistan bu teplisa gök önümlerini Russiýanyň çägine iberýänleriň arasynda dördünji boldy. Şol bir wagtyň özünde, Özbegistandan Russiýa pomidor ibermegiň mukdary bary-ýogy 55% ýokarlandy we 37,4 müň tonna boldy. 2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkiýeden Russiýa Federasiýasyna pomidor ibermegiň mukdarynyň 2% azalandygyny bellemelidiris.

Daşary ýurtly hünärmenler ozal Türkmenistanyň ýyladyşhanada ýetişdirilýän önümleri känbir öndürmän, häzirki döwürde bu önümçiligi barha artdyryp Dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny tapýandygyny belleýärler.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok