Dünýäniň iň baý ýokary okuw mekdebi belli boldy

2021-nji ýylyň maliýe hasabaty boýunça Garward uniwersitetine geçirilýän haýyr-sahawat maliýe kömegi 27 göterim artdy, bu ony dünýäniň iň baý uniwersiteti diýip yglan etmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary okuw jaýlaryna maliýe kömegi bermek meselesi ABŞ-nyň bilim ulgamynda giňden ýaýrandyr, ýurtda ýokary okuw mekdepleri şahsy maliýe kömeginiň hasabyna işleýärler. Ol maliýe çeşmeleri, esasan, anyk taslamalara ýa-da bilim bermegiň ugurlaryna sarp edilýär.

Berilýän kömek pullarynyň bary-ýogy 5 göterimden 5,5 göterime golaýy ýokary okuw jaýynyň özüne sarp edilýär. Geçen ýyl bilen häzirki döwri hasaba alnanda onuň mukdary 2 milliard dollardan hem gowrak boldy.

Mähriban AŞYROWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok