Bilim — beýik maksatlaryň binýady

Hormatly Prezidentimiz giň gerimli we möhüm ähmiýetli strategiýasyny hut milli bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmekden başlap, bu ulgamy beýik maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň binýadyna, ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň esasyna öwürdi.

Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar. Her ýyl ähli ýerlerde täze okuw şäherjikleri açylýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir. Şu ýerde geçen ýylda Aşgabatda sanly ulgamyň soňky gazananlary bilen doly üpjün edilen 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň ulanmaga berlendigini aýratyn ýatlamalydyrys.

Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň her ýyl dürli ugurlar boýunça abraýly halkara olimpiadalarynda we internet bäsleşiklerinde ýeňiş gazanmagy innowasion özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Häzir Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin oňat bilim almak, geljekki hünäri saýlap bilmekleri hem-de öz zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi Diýarymyzyň guwanjy bolýan bolsa, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň buýsanjyna, watançylygyň belent nusgasyna öwrülýär.

Bu gün döwletimiziň ösüşiniň depgini döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ähli pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmek we döwlet tarapyndan dolandyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sanly gurşawdan erkin baş alyp çykýan, IT-ulgamda başarjaň hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeleri goýýar. Gürrüň, täze ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly işleri aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümçiligiň nusgasyny we işiň mazmunyny düýpgöter üýtgedip, olara innowasion häsiýeti çaýyp bilýän işgärler hakynda barýar.

Türkmen ylmyny ösdürmek maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu örän guwandyryjy ýagdaýdyr.

Nurmämmedowa Senemgül

Serdar şäheriniň 9-njy orta mekdebiniň
Türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok