“Türkmenhowaýollary” mobil programmasyny çykardy

Türkmen howa ýollary agentligi täze mobil programmasyny halk köpçüligine hödürledi. Bu programma “iOS” we “Android” ýaly operasion ulgamlary üçin niýetlenen bolup, bu programmany islendik adam “App store” we “Play market” ýaly internet ulgamlaryndan ýükläp bilerler.
Bu programmanyň esasy maksady müşderileri awiokompaniýanyň hödürleýän mümkinçilikleri we şertleri, howa gatnawlarynyň tertibi, internet arkaly ýeňil görnüşde petekleri satyn almak, dürli ýerlerdäki hereket edýän awiokompaniýalary görüp bilmek ýaly häzirki döwürde wajyp hasaplanylýan amallary ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Dursun NURMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok