BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK ENSIKLOPEDIÝA

Ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIII jildi neşir edildi. Bu kitabyň täze jildiniň neşir edilmegi türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgat boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ensiklopedik işinde Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi bar.

Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Mazmuny boýunça özboluşly ensiklopediýa, türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýar.

Bu kitap okyjylary ekilýän we ýabany ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, beýany, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary yzygiderlilikde getirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi hem-de gazanylan üstünlikler barada ýazylan syn milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň giň gerimliligine aýdyň şaýatlyk edýär.

Maksat ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Talyplar sport
klubynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok