Pandemiýa sebäpli “Ženewa-2022” awtosergisi ýatyryldy

Dünýäniň abraýly awtoulag sergileriniň biri bolan Ženewa awtosergisiniň 2022-nji ýylda geçiriljek sergisi ýatyryldy. Bu awtoulag sergisini guraýan guramaçylar serginiň “Covid-19” pandemiýasy sebäpli ýatyrlandygyny belläp geçdiler.

Pandemiýa ähli pudaklar  bilen bir hatarda awtoulag önümçiliginde hem birnäçe kynçylyklary döretdi. Şol sebäpli dünýäde abraýly awtoulag sergileriniň biri bolan “Ženewa-2022” awtosergisi hem ýatyryldy. Bu sergi 2022-nji ýylyň fewral aýynda geçirmek göz öňünde tutulýardy. Emma, ýolbaşçylar pandemiýa bilen gönüden-göni meseleleriň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salandygyny aýdyp, bu serginiň 2023-nji ýylda has täsirli ýagdaýda geçirilmegi üçin işlejekdiklerini bellediler.

Alnan kararyň sergini ýatyrylmagy däl-de, yza süýşürilmegi hökmünde garaýandyklaryna ünsi çeken serginiň başlygy Mauris Turrettini 2023-nji ýylda has güýçli ýagdaýda dolanjakdyklaryny aýtdy.

Belläp geçsek, geçen ýylyň 5-15-nji marty aralygynda 90-njy  Ženewa awtoulag sergisi hem pandemiýa sebäpli ýatyrylypdy.

Guwanç MURADOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok