Hytaý alymlary “Çanýe-5” kosmos saparynyň dowamynda Ýere getirilen Aýyň topragyny öwrendiler we onuň ýanardag gelip çykyşynyň bardygyny anykladylar. Bu barada ähli jikme-jik maglumatlary “Science” ylmy žurnaly habar berdi.
Aýyň üstki gatlagyndan tapylan bazalt jynslarynyň mundan 1,96 milliard ýyl öň emele gelendigi we olaryň ýanardag gelip çykyşynyň bardygy gözlegleriň netijesinde belli boldy. Gözlegleriň netijesinden alnan maglumatlar şol döwürler Aýda ýanardag işjeňliginiň bolandygy mälim edýär.
“Çanýe-5” kosmos saparynyň çäklerinde alymlar hemranyň baryp düşen sebitini şeýle-de ol ýerde bar bolan kraterleriň sany boýunça ýer bölekleriniň ýaşyny kesgitlediler. Geljekde şeýle geçirilýän barlaglar netijesinde adamzat, Aýyň haçan emele gelendigini we onuň üstünde ýa-da eteginde nähili üýtgeşmeleriň bolup geçendigini anyklap biler.
Şatlyk ORAZOW,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler