Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlis geçirdi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat bermek bilen, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgininiň, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime barabar boldy.

Wise-premýer azyk önümlerini öndürmegiň görkezijileri barada aýdyp, gök önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 102,9 göterim, bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasynyň 101,2 göterim, ýeralma öndürmegiň meýilnamasynyň 106,8 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmegiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, et we süýt öndürmegiň meýilnamalarynyň, degişlilikde 101 göterim hem-de 100,4 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 133,1 göterim berjaý edildi. Düýpli maýa goýumlar, esasan, döwlet maksatnamalarynda gurluşygy meýilleşdirilen oba we suw hojalygy desgalarynyň bina edilmegine gönükdirildi diýlip, hasabatda aýdyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Ýagşymyrat Çaryýew,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok