2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasynyň (USAID) «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen hyzmatdaşlykda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Aşgabat Gazna biržasynyň ösüşine ýardam bermek hem-de ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen iki günlük onlaýn okuw-maslahatyny geçirip başlady. Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri, Türkmenistanyň we daşary ýurt gazna biržalarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyrjy hukuk-binýadynyň deňeşdirme seljermesini geçirmek bolup durýar. Okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermenler öňdebaryjy halkara tejribesi bilen paýlaşdylar hem-de gatnaşyjylary işläp taýýarlanylan deňeşdirme seljermesiniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem Türkmenistanyň gymmatly kagyzar bazaryny kämilleşdirmek baradaky amaly teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Onlaýn okuw-maslahatyna Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat Gazna biržasynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Haryt we çig-mal biržasynyň hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş gullugunyň wekilleri gatnaşdylar.
Gruziýanyň Gazna Biržasynyň başlygy, halkara bilermen Giorgi Paresişwili şeýle diýdi: «Ykdysady we sosial durnuklylyk, ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanmagy, emläk eýeleriniň raýat hukuklaryny goramak boýunça kanuny esaslarynyň döredilmegi, ösen bank infrastrukturasy, munuň özi Türkmenistanda maliýe bazaryny, şol sanda gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek üçin hemme şertleriniň döredilendigini görkezýär. Aşgabat Gazna biržasy maýa goýumlaryny çekmek we ýurtdaky gymmatly kagyzlaryň bazaraynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Men bu okuw-maslahatyna gatnaşanyma we türkmen kärdeşlerim bilen tejribe alyşanyma örän şat».
Şu gün tamamlanýan maslahat maliýe bazarlarynyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny hem-de deňeşdirme hukuk seljermesiniň netijelerini we tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, netijede bolsa milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada gelejekde göz öňüne tutulýan bilelikdäki çäreleriň ilkinji tapgyry boldy. Geçirilen ýygnak USAID bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy bolup durýar.
Teswirler