Sankt-Peterburgyň kompaniýalary “Aşgabat siti”-niň gurluşygyna gatnaşar

Häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň gurluşyk kompaniýalary “Aşgabat siti” taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmak meselesine seredýär. Bu barada Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow teleýaýlyma beren beýanatynda belläp geçdi.

Gubernator, Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin uly ädimler ädilendigini hem belläp geçdi. Mundan başga-da  Aşgabat şäherinde metro gurulmagy meýilleşdirilýändigini belledi.

Şeýle-de daşary ýurtly wekil Sankt-Peterburgyň gurluşyk kompaniýalarynyň dürli görnüşli topraklarda, şol sanda iň çylşyrymly ýerlerde tunelleri we stansiýalary gurmakda uly tejribesiniň bardygyny nygtady.

Belläp geçsek, Aşgabatda Sankt-Peterburgyň Söwda öýüniň we Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy meýilleşdirilýär.

Gubernator, “Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň gurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy hem işjeň ösýär. Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanyň ýol infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işlerini dowam etdirýärler, ýaşyl zolaklary we sil suwlaryny sowujy desgalary gurmaga gatnaşýarlar” – diýip belledi.

Kakajan MÄMMEDOW,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok