AÝDYŇ MAKSATLARYŇ GÖZBAŞY

Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny agzybirlikde, bagtyýarlykda belläp geçýär. Özbaşdak ösüşiň geçen ýyllarynyň içinde berkarar Watanymyzda ähli ugurlar babatda asyrlara barabar özgertmeler amala aşyryldy, ýurdumyzyň hemme sebitlerinde nusgalyk obalar, şäherçedir şäherler guruldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Ýurdumyz özbaşdaklygyny alan ilkinji günlerinden başlap, milli ösüş ýoly bilen uly özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp baryp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň mart aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Onuň yzysüre  1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda özüniň Bitaraplygyna eýe boldy. Bu bolsa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gazanan iň uly üstünligidir.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny dikeltmäge, ruhy taýdan galkyndyrmaga gönükdirilen işler bu günki gün öz miwelerini berdi. Mähriban Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň, türkmen alabaýynyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe işler durmuşa geçirildi.

Ajaýyp döwrümizde eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, netijeli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyza mundan beýläk-de rowaçlyklar ýaran bolsun! Toýlarymyz toýlara ulaşsyn, Garaşsyzlyk toýy gutly, mübärek bolsun!

Atageldi POLADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok