«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň haly önümlerini karzyna alyp bolar

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi, öz müşderilerine el haly we haly önümlerini karzyna satyn almak hyzmatyny hödürleýär. Ýagny, Türkmenistanyň “Halkbank” DTB arkaly möhleti 3 ýyla çenli, ýyllyk 12 göterim bilen, möçberi 30 000 manada çenli karz serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiligini bilen indi haly önümlerini karzyna satyn alyp bolar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi  arassa ýüň ýüplerden meşhur türkmen el halylaryny dokaýar we dünýä bazaryna çykarýar. Birleşigiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

Birleşigiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda müňlerçe halyçy zenanlar işleýär.

Türkmen halysy özüniň nepisligi, taýýarlanylyşy, many-mazmuny, gadymylygy we syk dokalmagy bilen tapawutlanýar.

Gülnabat POSBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok