Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana halkymyz we dünýä bileleşigi üçin örän ähmiýetlidir. Şanly Garaşsyzlygymyz bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge şert döretdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylynda bütin türkmen halky şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şeýle gysga wagtyň içinde ata Watanymyz durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwrüldi.
Ýurdumyz özbaşdaklygyny alan ilkinji günlerinden başlap, milli ösüş ýoly bilen uly özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp baryp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň mart aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Onuň yzysüre 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda özüniň Bitaraplygyna eýe boldy. Bu bolsa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gazanan iň uly üstünligidir.
Gazanylan üstünlikler barada söz açylanda, bir zat hakynda aýratyn aýtmak gerek. Ol hem Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigidir. Munuň özi ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly Türkmenistanda bilim ulgamynyň we ylmyň kämilleşdirilmegi hem-de bularyň dünýä derejesine çykarylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir. Hakykatdanam häzirki wagtda ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmak, bilimli, terbiýeli, zehinli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmek üçin ençeme işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin ýurdumyzda birnäçe Permandyr, Kararlar hem-de “Bilim hakynda Türkmenistanyň kanuny” kabul edildi. Şol kanuna laýyklykda diýarymyzyň ähli künjeklerinde berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, netijeligini artdyrmak hem-de zehinli ýaş nesilleri ösdürip ýetişdirmek üçin orta hem-de ýokary okuw mekdepleri ösen döwrebap tehnologiýalar we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime we sanly bilim ulgamyna geçmek syýasaty durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny döwrebap derejede guramak, ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä derejesinden ugur almak maksady bilen sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesillerimiz üçin paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda birnäçe kitaphanalary hem-de okuw merkezlerini açyp berdi. Kitaphanalarda diňe bir türkmen halkynyň beýik ussat şahyrdyr, ýazyjylarynyň eserleri hem-de türkmen halkynyň taryhy barada kitaplar bolman, eýsem dünýä halklarynyň edebiýatyndan nusgalar hem-de olaryň geçmiş taryhy hakynda kitaplar hem bar. Şeýle özgertmeler esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy barha ösýär. Bu zatlaryň ählisi bolsa Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren bihasap miwesidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilimi ösdürmekde uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Merdan ÝOWBASAROW,
Türkmenistanyň Milli geňeşiniň mejlisiniň deputaty.
Teswirler