“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Berkarar döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özgerişiň röwşen ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Geçen şöhratly 30 ýylyň dowamynda özbaşdak ýaşaýşa gadam goýan ilkinji günlerinden dogry ýoly saýlap alandygyny, şol ýoluň hem her bir ädimini, pursadyny üstünlige besländigini gazanylan we gazanylýan ösüşlerden hem duýmak bolýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly gadamlaryna bat goşup, her bir özgerişiň janly şaýady bolan mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda göwünleri joşdurýan ägirt uly tutumlar, döwletli başlangyçlar bilen bagtyýar zamanamyzda ýaşaýar. Türkmenistan döwletimiz öňdengörüji we parasatly Milli Liderimiziň we merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny öňküden-de berkitdi. Okgunly özgerişlere, taryhy ähmiýetli wakalara baý bagtyýar döwründe watansöýüji we gaýduwsyz halkymyzyň aňynda hem durmuşynda örän uly ösüşler bolup geçdi. Ýurdumyzyň durmuş-yksady taýdan kuwwatlanmagyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýän möhüm işler amala aşyryldy we bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bilen dünýä dolýar. Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadançylykly ösüşiniň we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen täzeçillik içeri we daşary syýasaty, döretmek we gurmak babatdaky maksatlary, tutumly işleri, beýik başlangyçlary eziz diýarymyzyň dünýäniň ykdysady we ruhy-medeni taýdan sazlaşykly we gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreleriň baş maksady halkara hyzmatdaşlygynda, ykdysadyýetde, umuman durmuş ulgamlarynda täze belentlikleri nazarlaýar. Arkadag Prezidentimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda eziz diýarymyzyň dünýädäki abraý mertebesini beýgeldýän, at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterýän giň gerimli, iri möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde ähli welaýatlarda yzygiderli täze obalar we şäherçeler, döwrebap sagaldyş merkezleri, mekdepler, hassahanalar, stadionlar, muzeýler, kitaphanalar, awtomobil we demir ýollary, awtomobil menzilleri, halkara howa menzilleri, ýaşaýyş jaý toplumlary, beýleki durmuş-medeni maksatly desgalar hem-de möhüm ähmiýetli binalar gurlup ulanylmaga berildi.
Türkmen halkymyz ata-baba ruhumyza kybap milli ýolumyzdan ýöräp gazanan köptaraplaýyn ösüşleri ertirki günümize rowaçlyk nuruny çaýýar. Şanly 30 ýylyň dowamynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň ählisiniň binýadynda mukaddes Garaşsyzlygymyz durýar. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň hem-de abadançylygynyň sarsmaz sütünidir. Özbaşdak döwleti arzuwlap öten ata-babalarymyzyň arzuwyny görmek bolsa, Garaşsyzlygymyzyň goýnunda erkana ýaşaýan mähriban halkymyza, bagtyýar nesillerimize miýesser etdi.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe ajaýyp ak mermerli desgalar, ähli künjeklerde döwrebap ýyladyşhanalar yzygider gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle iri ýyladyşhana toplumlarynyň ulanmaga berilmegi bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmaga, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde belent mertebä göteren, merdana halkymyzy parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýolundan ynamly gadamlar bilen täze belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan belent maksatly beýik tutumlarynda rowaçlyk ýar bolsun!
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler