Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.
Barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri Romanguly Mustagow, «Sowadyş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Rejepmyrat Allaberdiýew, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, pensioner Atamyrat Hangeldiýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Beýik Saparmyrat hajy metjidiniň baş ymamy Gylyçniýaz Atageldiýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 23-nji orta mekdebiniň müdiri Kowus Meretmämmedow, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap statistika bölüminiň hünärmeni Orazgeldi Aşyrowiç Çepbeýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Orazmämmet Begjanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň meýillendiriş-ykdysadyýet bölüminiň başlygy Tagan Taganow, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hemra Ýagdyýewiç Saryýew, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Ýusupowiç Allanazarow, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Guljangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Atagulla Ibadullaýew, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Bagtyýarlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çäşem Daňatarowiç Samaýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Babahan Abdullaýew, Lebap welaýatynyň Kerki etrap häkimliginiň ykdysadyýet we sarp ediş toplumy bölüminiň müdiri Akmurat Jumageldiýew, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hojakul Gandymowiç Huddyýew, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Öwezgeldi Mäterow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň Çerkezköl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Hojamyradow, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň Babasary obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Agajan Töräýew dagy Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permany esasynda «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly at dakyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýakup Amanow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.
Teswirler