Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, şäheri mundan beýläk-de toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada Döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDh habar berýär.

Häkim paýtagtymyzda, Köpetdagyň gözel künjeginde gurluşygy alnyp barylýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumyndaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize birnäçe şekil taslamalary görkezildi. Şeýle hem ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara, Halk Maslahatynyň mejlisine, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň alnyp barlyşyna, durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki, bezeg we ekologiýa taraplaryny göz öňünde tutup, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, desgalaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde tamamlamagyň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýän döwürde, ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk şanly senesi bellenilýän ýylda açylmagynyň aýratyn ähmiýete, many-mazmuna eýedigini nygtady hem-de ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna giňişleýin taýýarlyk görülmelidigini belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny baýram etmek baradaky meselä geçip, meýilleşdirilen ähli dabaralary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady we Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Nurgylyç Ýagşymyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok