Türkmenistanyň we Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy aradan çykdy

Turkmenportal habar portalynyň habar bermegine görä, Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy aradan çykdy.

11-nji sentýabrda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan, Türkmenistanyň we dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa 121 ýaşynda aradan çykdy.

Habar saýtyň bellemegine görä, Ajapsoltan Hajyýewa resmi taýdan dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alynmadyk bolsa-da, bar bolan resmi maglumatlara görä, dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydyr. «Türkmenportal» habarlar portalynyň ozal hem birnäçe gezek habar berşi ýaly, häzirki wagtda dünýäde iň uzak ýaşly ýaşaýjy hökmünde rekorda giren ýaponiýaly Kane Tanaka Ajapsoltan Hajyýewadan 3 ýaş kiçi – ol 118 ýaşynda. Häzirki wagtda Ajapsoltan Hajyýewanyň 1 ogly, 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar.

Gülnabat Saparowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
insitutynyň dünýä ykdysadyýeti hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok