Prezident Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady hem-de durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň guwandyryjydygyny, şu döwrüň içinde ýurduň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belleýär.

“Men Aşgabatda, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Onuň dowamynda türkmen-täjik dostlugyny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, halklarymyzyň bähbidine geljekde hem gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok