Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler, şanly sene mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky gurluşygyň ýagdaýy, bugdaý ekişini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek, pagta ýygymyna girişmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygmak üçin ähli zerur şertleri görmek, pagtany kombaýnlaryň kömegi bilen ýygmak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işlerini talabalaýyk geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler oba zähmetkeşleriniň öňünde güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi hem-de bu işleriň toplumlaýyn esasda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýygym möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, hasyl kabul ediş bölümleriň bökdençsiz işledilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda güýzlük oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak, gant şugundyryna edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmegini üpjün etmek döwrüň möhüm talabydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine guramaçylykly çemeleşilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimleriniň kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.

Hydyr Ýollyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok