10-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde VI Hazar mediaforumy geçer. Mälim bolşy ýaly geçen bäş ýylyň dowamynda Hazar mediaforumy möhüm maglumat, diplomatik we ykdysady meseleleri çözmek üçin halkara meýdança öwrüldi.
Hazar mediaforumy tejribe alyşmak, sebit we halkara žurnalistikasynyň täze ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Hazar sebitiniň ýurtlary üçin bir bitewi maglumat meýdanyny döretmek üçin özboluşly meýdança bolup durýar. Bu ýyl forumyň mowzugy syýahatçylyk we etnik medeni aragatnaşyklar bolar.
Bu foruma federal ministrlikleriň we müdirlikleriň, Russiýa Federasiýasynyň birnäçe subýektleriniň ýolbaşçylary, alymlar we syýasaty öwrenijiler, şeýle hem jemgyýetçilik we ýaşlar guramalarynyň wekilleri, Hazar sebiti ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyrylar. Bu gezekki foruma Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriniň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, türkmenistanlylar foruma onlaýn režimde gatnaşarlar.
Forumyň çäginde birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem “Serhetsiz Hazar” atly iň oňat galamgärlik işi ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler.
Mediaforumynyň işi barada iň täze maglumatlary bilmek, mediahanany gözden geçirmek, şeýle hem maksatnama bilen tanyşmak üçin “Media-caspy.astrobl.ru” resmi saýtyna girip bilersiňiz.
Allaýar OMAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler