BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açdy. Topragy mes, döküni, suwy öz wagtynda ýetirilip duran ýaş nahal köklerini topraga mäkäm urup, basym ese-boýa galmak bilendir. Emma üns berseňiz, ol ýaş mahaly şemal haýsy tarapdan güýçli öwüsse, şol ugra tarap hem ösüp başlaýandyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, «şemalyň ugruna» däl-de, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmäge şert döretdi. Milli Liderimiziň tagallasy, aýratyn üns-aladasy bilen bu gün türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň baýdak göterijilerine öwrüldiler.

Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, içerki ösüşi hem-de dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Elbetde, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan Garaşsyz döwletimiziň ähli üstünlikleriniň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygydyr. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen hemişelik Bitaraplygymyz parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşymyzy beren beýik mukaddesliklerimizdir.

Gazanylýan üstünlikleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer syýasatynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýyny dünýäde iň ýokary belentliklere göterýändiginiň, halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna hem-de giň goldawyna eýe edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň syýasy ýörelgesi halkymyzy, ýurdumyzy bagtyýarlyga besläp, ýeňişlerden ýeňişlere alyp barýan bagtyýarlyk eýýamymyzyň beýik we röwşen geljegini kesgitleýän şuglaly ýörelgedir.

Maksat ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Talyplar sport
klubynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok