161 müňden gowrak kompýuter sowgatlary

1-nji sentýabrda ýurdumuzyň ähli künjeklerinde bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň geriminde, Ahal welaýatynda 5, Lebap welaýatynda bolsa 2 sany umumybilim orta mekdepler açylyp ulanmaga berildi.

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň çäginde, ýurdumyzyň ähli 1-nji synp okuwçylaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berildi. Täze 2021 — 2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilen okuwçylara Türkmenistanda öndürilen kompýuterleriň 161 müň 739-sy gowşuryldy.

Täze okuw ýylynda täze umumybilim orta mekdepler

Täze 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň  Babarap obasynda Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep, Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepler açyldy.

Şeýle hem Lebap welaýatynda Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Orazjemal ÇARYÝEWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
insitutynyň “Dünýä ykdysadyýeti”
kafedrasynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok