BEÝIK GARAŞSYZLYGYMYZYŇ NURLY ŞUGLASY

Bedew bady bilen bir-birini çalyşýan Garaşsyzlyk ýyllarynyň möhüm wakalaryna nazar aýlap, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz ýurdumyz üçin belent özgertmeleriň ählisiniň ykbal çözüji ähmiýete eýedigini ynamly aýtmak bolar. Bu ugurda ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyga, birek-birege ynanyşmaklyga, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli alnyp barylýan beýik işler, halkara ähmiýetli taslamalar, düýpli özgertmeler beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk binýady has-da berkidilýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren döwründe ylym-bilim ulgamynda hem aýdyňlygy bilen şuglalanýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä tejribesine we milli ýörelgelere esaslanyp ösdürilmegi, oňa kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýaş nesliň döwrebap derejede okadylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren datly miweleriniň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda mähriban halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwürýär. Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar, milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Agzybirligi ýörelge edinip, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglaly nurundan joşgun alýan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen ylham alyp ýaşaýar, döredýär, gurýar, ýeňişleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da uly tutumlara, taryhy wakalara, ýatda galyjy dabaralara beslenjekdigini uly buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr.

Bagtyýar hem-de asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy ýagty geljege, şöhratly gadamlara, belent sepgitlere, beýik ösüşlere alyp barýan tutumly, döwletli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Babyş ATJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
öwreniji mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok