Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen plýonkasyny satyn aldylar

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, uçar ýangyjyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) hem-de agyr wakuum gazoýlini satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 39 million 270 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 3 million 700 müň manada deň boldy, daşary ýurt puluna bolsa jemi bahasy ABŞ-nyň 541 müň dollaryndan gowrak portland sement ýerlenildi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok