Russiýanyň Puşkin adyndaky instituty türkmenistanlylary taslama bäsleşigine çagyrýar

GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy, Russiýada Ylymlar we tehnologiýalar ýyly mynasybetli A.S. Puşkin adyndaky rus dili Döwlet instituty akademik W.G. Kostomarow adyndaky ýaşlaryň ynsanperwer barlaglary we taslama başlangyçlaryny grant goldawy bäsleşigini döretdi. Oňa GDA döwletlerinden, şeýle-de Türkmenistandan hem talyplar, aspirantlar, mugallymlar, alymlar we ýaş hünärmenler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik rus dili boýunça maglumat-magaryf taslamalary we barlaglary ugrundan geçilýär. Bu taslamalara rus dili baradaky saýtlar, bloglar, elektron we neşir KHS-ndäki makalalar girýär.

Talaplar 19-njy awgusta çenli kabul edilýär. Iň gowy 10 taslama grant berler. Ýeňiş gazananlar sylag almak üçin 2021-nji ýylyň dekabrynda Moskwa çagyrylar.

Resmi web saýty: http://sng.pushkin.institute/

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok