“Näme üçin her gün kitap okamaly?” diýen soraga 10 ylmy jogap

Kitap okamak dünýäde iň lezzet beriji zatlaryň biri bolmak bilen çäklenmän, ol adamlaryň durmuşyna her gün birnäçe üýtgeşmeleri girizýär. Alymlar “Näme üçin her gün kitap okamaly?” diýen soraga degişli birnäçe gözlegleri geçirdiler. Netijede 10 ylmy jogaby tapdylar.

Dünýädäki ähli adamlar her gün kitap okamagyň nähili peýdalylygy barada gyzyklanýarlar. Emma her gün kim kitap okaýar? Gynansagam, bütin dünýäde kitap okamagyň derejesi ýyl geçdigiçe azalýar. Kitap okamagyň derejesiniň peselmeginiň esasy sebäbi tehnologiýanyň, internetiň we şoňa meňzeş ykjam enjamlaryň giňden ulanylmagydyr.

Kitap okamak bilen akyl ösüşiniň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygyny, şeýle hem adamlary özüne çekýän çaphananyň ysyny alyp, kitap dünýäsinde ýitirim bolmagyň lezzetini görkezýän köp gözlegler geçirildi. Näme üçin her gün kitap okamalydygyňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, alymlar tarapyndan kitap okamak endiginiň adamlara ýetirýän peýdasyny öwrenseňiz hökman azyndan günde 8-10 sahypa kitap okamagyňyza sebäp bolar.

“Näme üçin her gün kitap okamaly?” diýen soraga 10 ylmy jogap:

  1. Has gowy karýera eýe bolmak mümkinçiligiňizi artdyrýar;
  2. Beýniňizi işjeňleşdirmek arkaly güýçlendirýär;
  3. Stres derejäňizi ep-esli peseldýär;
  4. Liderlik üçin zerur häsiýetleri gazanmaga mümkinçilik berýär;
  5. Ömrüňi uzaldýar;
  6. Has döredijilikli we has çalt karar bermäge mümkinçilik berýär;
  7. Özboluşly şahsyýetiňizi döretmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär;
  8. Alsgeýmeriň garşysyna göreşde okamak iň uly ýaragyňyzdyr;
  9. Özüňize bolan ynamyňyzy artdyrýar;
  10. Aragatnaşyk endikleriňizi ösdürýär.

Röwşen EÝERBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok