Daşoguzyň «Demirbetonönümleri» zawodynda alty aýda 10,5 million manatlyk iş ýerine ýetirildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň alty aýynda 10,5 million manatlyga golaý iş ýerine ýetirildi. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada gurnama demir-beton önümleriniň 14 müň kub metrden gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, 105 göterim ösüş gazanyldy.

Kärhanada häzirki wagtda gurluşyk serişdeleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok