Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidentini gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan jenap Ishak Gersogy Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara biz ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Ishak Gersoga tüýs ýürekden berk jan saglygyny, gujur-gaýrat, Ysraýyl Döwletiniň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok