Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar

Hormatly Prezidentimiziň gözel paýtagtymyz  Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli ýaňy-ýakynda neşir edilen «Ak şäher Aşgabat» atly kitaby bütin türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgatdyr. Çünki, bu ajaýyp kitap taryhy nukdaýnazardan ýurdumyzyň baş şäheriniň geçmişini, şu gününi we geljegini has içgin beýan edýär. Täze kitabyň sahypalaryndaky suratlar bolsa paýtagtymyzyň täsin binalarynyň şekilini adaty bolşy ýaly örän çeper suratlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Ak şäher Aşgabat» atly täze kitabynyň «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar» atly ikinji bölüminde Aşgabadyň soňky ýyllarda sebitiň iri işewürlik, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülmek bilen, batly depginde ösýän häzirkizaman şäheriň nusgasyny özünde jemleýändigini, paýtagtymyzda öňdebaryjy binagärlik we inženertehniki pikirleriň soňky gazananlarynyň milli binagärligiň gadymy däpleri bilen özboluşly sazlaşýandygyny beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze ajaýyp kitabynda  paýtagt şäherimiz Aşgabadyň Berkarar döwletimiziň ykdysady, medeni ösüşleriniň aýnasy hökmünde ýylsaýyn örän sazlaşykly ösüp  özelleşýändigini, onuň diňe şähergurluşyk taýdan däl, ykdysady-medeni, halkara  yzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda-da barha ýokary üstünliklere eýe bolýandygyny belleýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ak şäher Aşgabat» atly täze kitabynda gözel paýtagtymyzyň dürli ugurlar boýunça halkara maslahatlarynyň, gepleşikleriniň, duşuşyklarynyň, sergileriniň, sport ýaryşlarynyň  geçirilýän merkezine öwrülmegi netijesinde, dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlaryň sanynyň barha artýandygyny ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen halkara çärelerinden alnan suratlaryň esasynda anyk-aýdyň aýan edýär.

Kartanow Merdan
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň 4-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok