Türkmenistanda döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer bölekleri peýdalanmaga berler

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, degişli ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes edildi hem-de degişli ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde degişli ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy. Bu barada TDH habar beýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok