Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

24-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Häzirki döwürde şu resminamanyň çäklerinde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar.

Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde energetika babatda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetli waka öwrüldi. Mundan başga-da bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler döredilýär.

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok