Farap şäherinde “Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy

24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäherinde “Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

1,5 gektar meýdany bolan toplumda ösüp gelýän ýaş nesilleriň doly derejeli dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. “Çagalar dünýäsi” toplumyny Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Jemşidiň jamy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.

Bu toplumyň binagärlik keşbi özboluşly görnüşe eýedir. Şeýlelikde, bu ýerde boş wagtyňy gyzykly hem-de peýdaly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Merkeziň çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.

Bu ýerdäki edara ediş binasynda işgärleriň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredildi. Doly abadanlaşdyrylan toplumyň yşyklandyryş ulgamy täze merkeziň agşamky görnüşlerini has-da gözelleşdirýär. Şeýle hem bu ýerde awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Lebap welaýatynyň ýaşajyk aýdymçylarynyň, tansçylarynyň we sazandalarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynyň jemini jemledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok