23-nji iýunda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.
Sebitiň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder, howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder, sebitde syýahatçylygy ösdürmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döreder.
Howa menzili toplumy ähli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine hem-de bildirilýän talaplara kybap gelýän ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.
2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça bu möhüm desganyň gurluşygyny “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.
Beýikligi 31,7 metr dolandyryş diňi bolan, umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr ýolagçy terminalynyň binasynyň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.
Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe goraglylygyna eýedir, olaryň bezeginde ýokary hilli durnukly serişdeler ulanyldy. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.
Gidiş zaly 120 orna niýetlenendir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, kafeteriý we namaz okalýan otag bar. Ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Şeýlelikde, terminalda fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen birlikde, ähli ýolagçylar üçin has oňaýly ýagdaýlar döredilipdir. Mümkinçiligi çäkli adamlara oňaýly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.
Howa menziliniň emeli uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) häzirki zaman duýduryş, ornitologiki, radiotehniki, nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek.
Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metre barabardyr. Bir wagtyň özünde ol duralga uly uçarlaryň 2-sini hem-de dikuçarlaryň 4-sini kabul edip bilýär. Onuň düzümine, şeýle hem halas ediş we ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, tehniki bölüm, geçiriş nokady, ýörite awtoulaglar üçin garaž, beýleki kömekçi desgalar girýär.
Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar hem-de howa menziliniň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bar.
Bir söz bilen aýdylanda, Kerkiniň Halkara howa menzili häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara ülňülerine, ilkinji nobatda bolsa, uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek babatdaky talaplara laýyk gelýär.
Rozmyrat Suwhanow,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
1-nji ýyl talyby.
Teswirler