Kerkiniň täze Halkara howa menziline dört harply UTAE kody ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.
ICAO-nyň indeksi howa gullugynyň ýerleşýän ýerini görkezýär, ol bellenilen çäkleriň arasyndaky aragatnaşygy düzgünleşdirýär hem-de aeronawigasiýanyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini hem-de tygşytlylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.
Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan Halkara raýat awiasiýasy hakyndaky Konwensiýanyň (Çikago konwensiýasy, 1944) 14-nji goşundysy esasynda berlen laýyklyk güwänamasy meýilnamalaşdyrmak, taslamalaşdyrmak, olaryň fiziki häsiýetnamalaryna, howa menzilleriniň ulanylmagyna, oňa tehniki taýdan hyzmat etmäge bildirilýän talaplar, şeýle hem peýdalanylýan gonuş, nawigasiýa, meteorologiýa, yşyklandyryş-habar beriş ulgamlarynyň, beýleki zerur ulgamlaryň halkara kadalara we ülňülere laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Türkmenistan Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň, Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasy bolmak bilen, dünýäniň 50-den gowrak ýurdy bilen, şeýle hem Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy bilen ylalaşyklara goşulyp, Ýewropanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça agentligi bilen (EASA) ýakyn gatnaşyklary saklaýar.
Teswirler